Gowaça bejergisi ýokary depginde

23 Maý 2024
466

Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2176 gektar gowaça meýdanlarynda otag, ýekeleme, hatarara bejergi işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Hatarara bejergi mehanizatorlardan uly jogapkärçiligi talap edýär. Hut şunuň bilen baglylykda, bu iş köpýyllyk tejribesi bar mehanizatorlara ynanylypdyr. Öz işine ezber mehanizatorlar berkidilen tehnikalaryny saz işledip, bejergini gowaça düýplerine zeper ýetirmezden, ýokary hilli geçirmäge çalyşýarlar. Daýhan birleşiginiň garamagyndaky tehnikalaryň 3-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalaryň 1-si hatarara bejergisinde işledilýär. Bu tehnikalara Ataniýaz Isakow, Parahat Ýerejepow, Döwletbaý Nurymbetow, Çary Weljikow dagy erk edýärler. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde her günde 70 — 75 gektar ýerde hatarara bejergi işi geçirilýär. Hatarara bejergi işiniň öz wagtynda geçirilmegi gowaçalaryň düýplerini ýumşatmakda, ýeriň yzgaryny saklamakda, hapa-haşal otlardan goramakda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar