Pileçileriň yhlasy ýerine düşýär

23 Maý 2024
387

Tejen etrabynyň ýüpekçi-kärendeçileri etrabyň pile kabul ediş kärhanasyna şanly ýylymyzda taýýarlanan kümüşsöw gymmatlygy köpçülikleýin tabşyrýarlar. Üstümizdäki ýylda olar ýüpek gurçugynyň 739 gutusyny degişli talaplara laýyklykda idetdiler.

Häzirki jogapkärli günlerde etrabymyzyň ýaşlary hem ýüpekçilere ýakyndan ýardam edýärler. Olar ýokary hilli piläni arassalamakda we kabul ediş kärhanasyna wagtynda tabşyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri bolsa möwsüme gatnaşyjy ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirýärler we öňdebaryjylary höweslendirýärler.

Ogulmaral GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar