Söz sungaty arkaly medeni diplomatiýany ilerledip

18 Maý 2024
357

Huseýin Awni BYÇAKLY,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary:

— Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahatyň ýokary derejede guralmagynda uly tagallalar eden türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirýärin. Bu halkara maslahatdaky çykyşlarda nusgawy türkmen şahyrynyň baý edebi mirasy, onuň öwrenilmegi we dünýä ýurtlarynyň arasynda giňden wagyz edilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Ýazga geçiren Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar