UEFA Ýewropa Ligasynda möwsümiň super topary «Baýer» özüniň ýeňlişsiz ýörişiniň üstüni final hem-de taryhy rekordy täzelemek bilen ýetirdi. «Romany» Rimde 2–0 hasap bilen ýeňen «Baýer» jogap duşuşygyna käbir ýyldyzlaryny esasy düzümde meýdança çykarmady. Lewerkuzendäki duşuşykda italýan kluby Leandro Paradesiň 43-nji we 66-njy minutlarda penalti urgularyndan geçiren gollary umumy hasaby deňledi. Ýöne «Baýer» toparynyň şu möwsümde özboluşly ýörelgesi bolup, topar soňky jürlewüge çenli göreşini ýokary depginde dowam etdirýändigi bilen meşhurlyk gazandy. Bu oýunda-da şol ýörelgä eýeren lewerkuzenliler 82-nji minutda rimliler üçin çärýek finalyň gahrymany Mançininiň awtogoly bilen aratapawudy 1 gola düşürdi. 90-njy minutda oýna giren Stanişiç 7 minutdan soň toparyny ýeňlişden halas eden goly derwezä girizdi we duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şunlukda, geçen ýylyň maý aýyndan bäri ýeňilmän gelýän «Baýeriň» ýeňlişsizlik seriýasy 49 oýna ýetdi. Bu bolsa 59 ýyllyk rekordyň täzelenmegi diýmekdir. Portugaliýanyň «Benfika» topary 1963-nji ýylyň dekabry bilen 1965-nji ýylyň fewraly aralygynda yzly-yzyna 48 oýunda ýeňilmändi. «Baýer» topary UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşynda 2-nji gezek finala çykyp, olar 1987/88 möwsüminde bu kubogy eýeläpdi. Şol ýyl finalda «Espanýol» bilen duşuşyp, myhmançylykda 3–0 utulan lewerkuzenliler öz meýdançasynda-da 3–0 hasap bilen ýeňipdi. Penaltileriň netijesinde-de üstün çykan «Baýer» UEFA-daky häzirlikçe ýeke-täk çempionlygyny gazanypdy.
«Baýeriň» finaldaky garşydaşy Italiýanyň «Atalanta» topary boldy. Italýan kluby öz meýdançasynda «Marseli» 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji oýunda 1–1 deňme-deň oýnan «Atalanta» toparyna ýeňiş getiren gollary Lukman (30), Ruggeri (52) hem-de Ture (90+5) geçirdi. «Atalanta» topary taryhynda ilkinji gezek Ýewrokuboklarda finala çykdy.