Sagdynlygyň gözbaşy

14 Maý 2024
445

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn üns berlip, raýatlaryň saglygy hakda uly alada edilýär. Bu gün berkarar Watanymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleridir meýdançalarynyň hereket etmegi hem-de olarda ildeşlerimiz üçin giň amatlyklaryň üpjün edilmegi adam hakdaky aladanyň buýsançly subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Sport — sagdynlyk, sport — gözellik, sport bir söz bilen aýdanyňda ýaşaýyşdyr» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümlede sportuň ähmiýeti, onuň adam durmuşyna ýetirýän oňyn täsiri öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar.

Jahan GULLYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar