Çagalar atşynaslyk dünýäsiniň ak ýollarynda

13 Maý 2024
174

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Bu ýerde atşynaslyga we atçylyk sportuna höwesli ýaşlar Milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň ata bolan höwesini mübärekläp, olar bilen söhbetdeş boldy. Ussat halypa atşynas hormatly Arkadagymyz körpeleriň manežiň içinde bedewlerde gezim edýän pursatlarynda olara atçylyk däpleri, onuň taryhy we bu ugruň häzirki döwürde ösdürilişi barada gürrüň berdi hem-de olaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalaryň arasynda seýis, çapyksuwar, atçylyk boýunça ylmy iş alyp barýan hünärmen, atçylyk lukmany bolmaga höwes edýänleriň bardygy aýratyn buýsançlydyr.

Akademiýanyň manežinde bedewe atlanyp gezim eden körpeler Gahryman Arkadagymyzyň manyly hem-de gyzykly gürrüňlerini höwes bilen diňlediler.

«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar