Pileçileriň yhlasly işleri

8 Maý 2024
835

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 110 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinýän Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri häzirki döwürde ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa etrabyň beýleki hojalyklarynyň hatarynda «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň pileçileriniň bu babatdaky gyzgalaňly işleri hem şaýatlyk edýär.

Golaýda bu ýerde bolanymyzda, daýhan birleşiginiň ýüpekçilik baradaky hünärmeni Baýramgeldi Pirekowyň beren gürrüňine görä, şu günlerde hojalygyň 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar