Döwletliligiň aýdyň beýany

8 Maý 2024
519

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar. Mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň aýdyň geljegini üpjün etmekde berk binýat bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlary astynda durmuş-ykdysady ösüşiň ugurlary boýunça ýurdumyzda milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar