Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen işler

8 Maý 2024
181

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar