Döwletimiziň kuwwatly güýji

8 Maý 2024
657

Ynsan üçin bahasyz baýlyk hasaplanylýan bilim ruhy hazynadyr. Şonuň üçinem «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen ata-babalarymyzdan galan nakyl halkymyzyň ýörelgesine öwrülendir. Häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim programmalaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle işleriň netijesinde kämil, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän ýaş hünärmenler kemala gelýär.

Biziň uniwersitetimizde hünär öwrenýän ýaşlar hem elektron sözlükleriň, audio we wideo materiallaryň, gollanmalaryň, elektron kitaplaryň kömegi arkaly bilim derejelerini baýlaşdyrýarlar. Şeýtmek bilen, talyplar geljekde ýerasty baýlyklarymyzy gazyp almakda, olary işläp geçmekde, halkymyzyň netijeli peýdalanmaklaryny gazanmakda tejribe toplaýarlar. Mundan başga-da, olar abraýly halkara bilim, sport, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny ylym-bilimli, maksada okgunly edip terbiýeläp ýetişdirmek baradaky durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesidir.

Ogulgül Saparowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar