Üstünlikleriň sakasy

8 Maý 2024
460

Ýaş nesillerimiziň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk bilim-terbiýe almagyny gazanmak milli bilim özgertmelerinde esasy maksat bolup durýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda badalga berlen ylym-bilim özgertmeleri täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýar. Netijede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm aýratynlygyna öwrülen bilim özgertmeleri ýaş nesli milli ruhda, ýagny medeni mirasymyza, şöhratly geçmişimize, durmuş ýörelgelerimize laýyk terbiýelemek ýaly asylly tutumlar bilen sazlaşýar.

Halkymyza, Watanymyza wepaly, halal zähmete sarpa goýýan, ylymdyr bilime teşne nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şeýle jogapkärli wezipä abraý bilen hötde gelmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýaş nesilleri terbiýelemekde Milli Liderimiziň özboluşly mekdep bolup durýan eserleriniň üstüni ýetirdi. Şöhratly geçmişimize, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza buýsanç duýgularyny kalbyna nagyş eden ýaş nesliň bilime, ylma bolan höwesi has-da artýar. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyşlarymyz dilimiziň senasydyr.

Gunça Ahmedowa,
Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar