Ýüpekçiler pellehanada

8 Maý 2024
538

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Kerki, Dänew we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri welaýatymyzda ilkinji bolup, pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Meýilnama ýerine ýetirilende Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna 200 kilogram, Dänew etrabynyň ýüpekçileri 140 tonna 61 kilogram, Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem 147 tonna golaý pile tabşyrdylar. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden ýokarydyr.

Kerki etrabynda «Mürzebeggala», «Hatap», Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşikleriniň edermen ýüpekçileri pile tabşyrmakda öňe saýlanýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri kümüşsöw çäje eýýäm 34 tonna 108 kilogram piläni goşant etdiler. «Hatap» daýhan birleşigi boýunça piläniň mukdary 17 tonna 200 kilogramdan geçdi. Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem piläniň mukdaryny 15 tonna ýetirdiler. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür. Beýleki daýhan birleşiklerinde hem bu iş guramaçylyky dowam edýär. Ýüpekçileriň 961-siniň hemmesi diýen ýaly meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olaryň aglabasy meýilnamadan daşary pile tabşyrýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden Nurtäç Meredowa has-da ýokary netije görkezdi. Onuň häzirki ýygnan hasyly 910 kilogram boldy. Şu daýhan birleşiginden Bahargül Gurdowa hem 650 kilogram pile ýygnady. Bu daýhan birleşiginde Ogulsabyr Pygamowa ýaly ussat ýüpekçilerden tälim alan kärendeçileriň sany ep-esli bar. Olar halypalarynyň zähmet ýoluny abraý bilen ýöredýärler. «Hatap» daýhan birleşiginden Tawus Allaberdiýewa hem 620 kilogramdan geçirip, pile ýygnamagyň hötdesinden geldi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar