Yhlas bilen ýer gögär

8 Maý 2024
588

Bu gün sahawatly topragymyz berekedini eçilýär. Onda adyny tutan ekiniň bitýär. Daýhan yhlasy bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşinden ýetişdirilýän bol hasyl bolsa gyzyl-ýaşyl öwüsýän meýdanlarymyzda ekerançylyk medeniýetimiziň ösýändigine güwä geçýär.

Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary hem ekin ekip, hasyl almakda baý iş tejribesini toplapdyrlar. Olar her ýylda gowaçanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegiň hötdesinden gelýärler. Şu ýyl daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň 1437 gektarynda gowaça ekildi. Bugdaý ekilen meýdan bolsa 807 gektara barabar. Daýhanlar 2430 tonna pagta, 1856 tonna hem bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gowaça ekilen ýerlerde täze hasylyň irki aladalary bilen meşgul bolsalar, bugdaýyň ösüp oturan meýdanlarynda täze hasylyň ujy eýýäm göründi. Bugdaýyň daýhana «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýip aýdýan döwri geldi.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Beýleki habarlar