Çagalaryň dünýäniň bezegine, durmuşyň gülüne deňelmegi ýöne ýerden däl. Pähimdar pederlerimiz edep-terbiýeli çagany miweli baga hem meňzedipdirler. Çünki terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Türkmeniň ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, aň-düşünjeli, edep-ekramly nesil ýetişýär.
Ata-babalarymyz çaga terbiýesine jogapkärçilikli çemeleşip, durmuşda gabat gelýän edim-gylymlar bilen bagly terbiýeçilik ähmiýetli yrymlary, däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Nesil terbiýesi meselesinde parasatly pederlerimiziň miras galdyran ýol-ýörelgeleri biziň üçin görelde mekdebidir.