Geçmişiň hem-de geljegiň sazlaşygy

7 Maý 2024
654

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak, olardan netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine höweslerini artdyrmak, olaryň kärine kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde kafedralaryň hepdeliklerini geçirmek boýunça işler ýola goýuldy. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde hem taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň «Taryh geçmişiň hem geljegiň aýnasydyr» atly hepdeligi guramaçylykly geçirildi.

Hepdelige taýýarlyk işleri okuw ýylynyň başyndan ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenilip, onuň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Rüstem HOJAGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar