Internet olimpiadasy geçirildi

7 Maý 2024
454

Institutymyzyň ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça internet olimpiadasy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylarynyň 100-den gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzda tebigy ugurlar boýunça bilim bermekdäki milli ýörelgäniň kadalaryny dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmak we okatmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde okuwçylar ekologiýa dersi bilen bagly soragnamalara jogap bermek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Köýtendag etrabyndaky 37-nji orta mekdepden Aknur Hamzaýewa we Dänew etrabyndaky 27-nji orta mekdepden Arslan Genjiýew birinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Saniýe Batyrowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimuradowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Nigara KAÝLIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar