Sport

6 Maý 2024
357

Gyzykly geçen ýaryş

Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdepde taekwondo boýunça şäheriň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi. Ýaş türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş gyzgalaňly pursatlara baý boldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesine görä, Sabyr Atamedow, Ramzan Nasyrow, Jeýhun Saparbaýew, Meýlis Azymow, Alibek Oktamow, Kudrat Jumanow, Muhammet Suhrabow, Mergen Kadyrow, Meretgeldi Hoşanow, Annaly Hangeldiýew dagy öz agram derejelerinde birinji orna mynasyp boldular. Şeýle hem öz agram derejelerinde Selim Halmyradow, Kim Tolik, Parahat Aýbekow, Batyr Diýarow, Serdar Mätiýew, Amirhan Hajyýew, Aždar Kudratow, Daýanç Hangeldiýew, Sapardurdy Saryýew, Rejepbaý Rozmetow dagy ikinji, Artur Kadambaýew, Aýdar Haýrulin, Hasan Hojaniýazow, Husan Hojaniýazow, Küren Myradow, Azat Hojaýew, Mansur Täjibaýew, Babajan Kakaýew, Jemşit Töräýew, Batyr Koçkarow dagy üçünji orny eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Sapar IŞANKULYÝEW,
Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiň instruktor-usulyýetçisi.
Beýleki habarlar