Aşpez talyplar bäsleşdiler

6 Maý 2024
329

4-nji maýda Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Şeýle at bilen geçirilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat şäherinden we welaýatlardan talyplar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşigiň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde näderejede özleşdirip bilendigini barlamakdan, talyplaryň hünär taýýarlygyny, döredijilik ukybyny, öňdebaryjy ussat hünärmenleri taýýarlamagyň hil derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Bäsleşik aşpezçilik işi we konditer ugurlary boýunça alnyp baryldy. Aşpezçilik işi ugruna degişli bäsleşijiler ak tüwüden towukly sote, jüýjeli çorba, şeýle hem gök önümlerden işdäaçar taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Berlen ýumşy ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara bäş sagat wagt berildi. Şol wagtyň içinde bäsleşige gatnaşýanlar öz ukyplaryny, ezberliklerini görkezmäge, saçagy owadan, gelşikli bezemäge ýetişmeli. Taýýarlanylan tagamlaryň hiline, görnüşine, arassaçylyk gigiýenasyna aýratyn üns berilmeli. Talyplaryň taýýarlan tagamlaryna emin agzalary, esasan, gök önümleriň talabalaýyk kesilişine görä baha berdiler. Naharlara, işdäaçarlara gerekli bolan önümler ýaş hünärmenler tarapyndan görkezmä laýyk getirilip, ezberlik bilen ýerine ýetirildi. Bu bolsa ýaş tehnologlaryň aşpezçilik sungatynyň inçe syrlaryna barha aralaşýandygynyň alamaty boldy.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Surata düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar