Tejribäniň möhüm ähmiýeti

5 Maý 2024
518

Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda hünärmenler taýýarlanylýar. Taryhy tapyndylary dikeltmek boýunça ýokary okuw mekdebimizde halypa, ussat mugallymlarymyz bilen daşary ýurtlardan gelen alymlarymyz bilelikde tejribe okuwyny geçýärler. Biziň ýurdumyzda ýadygärlikleri öwrenmek boýunça gazuw-agtaryş işleri güýz, ýaz aýlarynda alnyp barylýar. Bu möwsümleýin işi öwrenmäge alymlarymyz, dünýäniň dürli döwletlerinden biziň taryhy gymmatlyklarymyza gyzyklanma bildirip gelen alymlar hem gatnaşýarlar. Bu alnyp barylýan işlerde talyplarymyzyň tejribe alýandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyzyň bilim derejesini baýlaşdyrmakda ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt alymlary ussatlyk sapaklaryny geçýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji aprelinden 3-nji maýy aralygynda Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan dikeldiji we rejeleýji, arheologiýany öwreniji doktor Estel Ottenwelter institutyň tejribehanasynda mugallymlara hem-de talyp ýaşlarymyza arheologik tapyndylarda ýüze çykarylan keramika gap-gaçlaryny gorap saklamak boýunça kämilleşdiriş okuw sapagyny geçdi. Alym ýurdumyzyň çäginde tapylan birnäçe tapyndylaryň dürli görnüşli fotosuratlarynyň üsti bilen olaryň dikeldiş pursatlary barada gürrüň berdi. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ulugdepe ýadygärliginden tapylan birnäçe küýze önümlerini rejelemek we dikeldiş işlerinde talyplar hem işeňňirlik görkezdiler.

Ejeş TORYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar