Döredijilik bäsleşigi

3 Maý 2024
781

Sungatda ýaşlyk joşguny

Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň talyplarydyr uçurymlary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerini, türkmen halk aýdym-sazlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşigiň maksady aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary saz sungatynyň ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmekden hem-de ýaş sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Beýleki habarlar