Täze eseriň ýalkymy

1 Maý 2024
230

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, onda taryhymyzyň şöhratly sahypalary giňden beýan edilýär. Hut şonuň üçin-de, bu kitap halkymyz üçin gymmatly sowgat bolup, türkmen taryhyny, medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm orna eýedir. Bu eser bilen bagly dabara ýaňy-ýakynda etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we medeniýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde geçirildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu eser dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Milli Liderimiziň beren gürrüňleri esasynda döräpdir. Kitabyň jemlemesinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz gadymy Änew medeniýetine, Gündogaryň beýik söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreleriň hem-de dabaralaryň 2024-nji ýylyň ýyl ýazgysynda öz mynasyp ornuny eýelejekdigine, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirýär. Bu başlangyçlar pähim-paýhasyň ebediligini taryhyň mysalynda ýene bir gezek dabaralandyryp, ony tutuş dünýä ýaýar.

Şöhle GUDYKOWA,
kapitan.
Beýleki habarlar