Üns merkezinde — ulag logistikasy

30 Aprel 2024
416

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan häzirki döwürde hem howa, awtomobil, demir we deňiz ýollary arkaly aragatnaşygy üpjün edýän iri merkezleriň biri hökmünde tanalýar. Onuň geostrategik ýerleşişi ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamyny ösdürmäge giň ýollary açýar. Ýurdumyz ulag-aragatnaşyk we logistika ugry boýunça halkara çärelere işjeň gatnaşyp, netijeli teklipler bilen çykyş edýär.

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Hazar sebitiniň ulag logistikasy — 2024» atly III halkara forumy şeýle çärelere mysal hökmünde görkezmek bolar. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Ýewraziýanyň beýleki ýurtlaryndan bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Eziz MATDYÝEW,
«Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşyk toplumynyň başlygy.
Beýleki habarlar