Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

29 Aprel 2024
215

27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk ruhunda garşylady. Bu ýokary okuw mekdebi şu gün behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän bäsleşikleriň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrüldi. Hemme ýerde türkmen toýuna mahsus görnüşler emele getirilip, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar, ýurdumyzyň döredijilik toparlary iň gowy çykyşlaryny görkezýärler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar