Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy

29 Aprel 2024
171

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar