Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

28 Aprel 2024
103

Arkadag şäheri, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ahalteke atlary gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Beýleki habarlar