Türkmenistan — BMG: ýaşlar we ýagty geljek

26 Aprel 2024
369

Ýaşlary ýagty geljegiň eýelerine deňeýän ýurdumyzda ýaş nesliň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy meseleleriň çözülmegine mynasyp goşant goşmagy, tejribe gazanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda dürli ýurtlardan müňden gowrak ýaş wekilleriň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 16 — 18-nji apreli aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Ýaşlar forumy özara pikir alyşmak we öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak üçin täze mümkinçilikleriň meýdançasy boldy.

Ýaşlar forumynyň «2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibini güýçlendirmek we çökgünlikler döwründe garyplygy aradan aýyrmak: durnukly, çydamly we innowasion çözgütleri netijeli amala aşyrmak» atly mowzugy döwrüň möhüm meselelerini gozgaýar. Forumdaky çykyşlarda iri çökgünlikleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýämizde raýdaşlyk we iň ejizlere goldaw bermek, hiç kimi çetde goýmazlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle çylşyrymly şertlerde ýaşlaryň öz höwesi, pikirleri, hereketleri we tutanýerliligi bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin islendik päsgelçiligi ýeňip geçmäge taýýardyklaryny görkezýändigine üns çekildi. Forumyň sessiýalary we ara alyp maslahatlaşmalary Durnukly ösüş maksatlarynyň garyplygy aradan aýyrmak, açlygy ýok etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş, parahatçylyk, adalat we netijeli edaralar, durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk ýaly ugurlaryna bagyşlandy.

Begenç HALNEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar