“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat

26 Aprel 2024
475

Arkadag şäheri, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, behişdi bedewler umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygydyr. Dünýäniň atçylyk sungatynyň kemala gelmeginde bu tohum atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen ýeri bolan gadymy Ahal topragyna uly orun degişlidir. Ýelden ýüwrük, ajaýyp häsiýetli bedewler baradaky maglumatlar gadymy döwürlerde Hytaýda, Gresiýada we Rimde, Gomer, Ptolomeý, Strabon, Appian, Ksenofont, Gerodot ýaly irki antik döwrüň şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, alymlarynyň eserlerinde duş gelýär.

Beýleki habarlar