Zehinli ýaşlaryň bäsleşiginde

25 Aprel 2024
429

Paýtagtymyzda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň içinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem bar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan halkara olimpiadasyna 18 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi. Ikinji tapgyrda bolsa talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuş tabşyryldy.

Beýleki habarlar