«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly esse bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

24 Aprel 2024
893

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Astrahan oblastynyň Priwolžskaýa raýonynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň 8-nji we 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak bäsleşigiň jemi jemlendi. Mekdep okuwçylary bu bäsleşikde pikirlerini beýan etmek üçin beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini köp okap taýýarlanandyklaryny görmek bolýar. Çünki okuwçylar ýazan essesinde şahyryň şygyrlaryny has içgin öwrenip, döredijilikli çemeleşipdirler. Olar pähim-paýhasa ýugrulan setirlerden ylham alyp ýazan esselerinde giňişleýin beýan etmegi başarypdyrlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak boýunça bäsleşiginiň netijesi boýunça Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň 8-nji synp okuwçylarynyň arasynda Alina Satlykowa, 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda bolsa Sofiýa Plaşenkowa birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. Esse ýazmak bäsleşiginde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Diplomy gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy esse ýazmak boýunça gatnaşan mekdep okuwçylaryna ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar. Bu dabarada iki döwletiň wekilleri dostlukly hyzmatdaşlyklar barada giňişleýin çykyş etdiler. Bu ýerde dost- doganlyk gatnaşyklar hakynda mähirli sözler aýdylyp iki döwletiň dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläkde has-da pugtalanjakdygy hakynda aýratyn belläp geçdiler. Bäsleşigiň jemini jemlemek çäresi aýdym-sazly dabara bilen utgaşyp, gatnaşyjylara uly ruhy lezzet berdi.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar