Mähirli gatnaşyklaryň nusgasy

24 Aprel 2024
123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýagşy niýet bilen hemaýata mätäçlere goldaw bermek ýurdumyzda mukaddes ýörelgä öwrüldi.

Howandarlyga mätäç çagalary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşap almak, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen meşgullanýan haýyr-sahawat gaznasyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 3 ýyl doldy. Şu geçen gysga döwrüň içinde gaznanyň durmuş hakykatyna öwrülen haýyr-sahawatly işleri howandarlyga mätäç ençeme ynsanlaryň kalplarynda öçmejek umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy. Howandarlyga mätäç çagalara asylly we mähirli gatnaşyklar jemgyýetimiziň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny kesgitleýär. Munuň özi ýaş nesilleriň sazlaşykly terbiýesi, doly derejede ösüşi, ahlak we maşgala gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny, milli miras hakyndaky aladadan, ýaşlaryň her biriniň öz mümkinçiliklerini özbaşdak açyp bilmegi hem-de durmuş üstünliklerini gazanmagy üçin binýatlyk şertlerini kemala getirmekden ybaratdyr.

Atageldi ÖWEZOW,
kapitan.
Beýleki habarlar