Okuw sapagy täsirli geçdi

24 Aprel 2024
839

23-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň Priwolžskaýa etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiň okuwçylary bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Saparmyrat Hydyrow hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Aýbölek Goçyýewa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tema boýunça sapak geçdiler.

Mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly dürli soraglar berip sapagyň täsirliligini artdyrdylar. Şeýle hem sapakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy has-da täsirli boldy.

Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar