Ýaprakdan nur – ýüpek önýär

23 Aprel 2024
445

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy hem uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar.

Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Şuňa laýyklykda, «Türkmenpagta» döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2 müň 100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1 müň 10 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi we ýüpek gurçugyny idedýänler ýokary hilli tohumyň zerur mukdary bilen üpjün edildi. Şu günler ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri ýüpek gurçuklaryny idetmäge beýleki etraplardan hem 3 – 4 gün ir girişdiler. Şu ýyl olar 1 müň 10 tonna pile öndürmegi meýilleşdirýärler.

Sonagül HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar