Ýüpekçiler üçin jogapkärli döwür

23 Aprel 2024
346

Welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri şu günler 4244 guty ýüpek gurçugyny idetmek işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda 155 tonna çig piläni öndürmegi maksat edinýän ýüpekçilerimiz häzirki wagtda ideg işleriniň her birini göwnejaý ýerine ýetirýärler.

Ýüpek gurçugyndan ýokary hilli pile almagyň onuň talabalaýyk idedilmegine baglydygyna oňat düşünýän zähmetkeşler gurçuklara ýaşyna göra tut ýapragyny bermäge aýratyn ähmiýet berýärler. Olar ýüpek gurçugynyň idedilýän jaýlarynyň degişli derejedäki howa şertleri boýunça üpjünçiligine hem uly üns gönükdirýärler. Munuň özi ýüpek gurçuklarynyň kadaly pile saramagynyň esasy şerti bolup durýar.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar