Sanly bilimiň mümkinçilikleri

23 Aprel 2024
585

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgam ösdürilýär. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu durnukly ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen, aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şertleri döredýän tehnologiýalara sanly ulgam diýilýär. Ähli pudaklara we ulgamlara sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ak mekdebiň gapysyndan ätlän çagalaryň kompýuterler bilen üpjün edilmegi olaryň döwrebap tehnologiýalar bilen içgin tanyşmagyna hem-de geçýän okuw derslerini täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeleriniň ýokary bolmagy üçin döredilýän we ulanylýan lokal hem-de global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir.

Seýit BÄŞIMOW,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar