Milli terbiýe — asylly ýörelge

23 Aprel 2024
604

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza belent sarpa bar. Bu milli ýörelgeler esasynda geljegimiz bolan ýaş nesillere terbiýe berilýär. Esasan hem, sapaklarda, wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara milli gymmatlyklarymyz düşündirilýär. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatymyz, Magtymguly Pyragynyň eserleri aýratyn orna eýe bolup durýar. Terbiýeçilik mazmundaky sözler, kyssalar, rowaýatdyr hekaýatlar, ertekiler türkmen halk döredijiliginde, nusgawy şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde öz beýanyny tapýar. Milli mirasymyza daýanyp, gadymdan gelýän däp-dessurlardan ugur alyp, ýaş nesillerimiz bilen köp sanly terbiýeçilik işlerini yzygider guramak örän oňat netije berýär. Şeýlelikde, watansöýüji ýaşlaryň kemala gelýändigini görýäris.

Pähimdar pederlerimiz hemişe özüniň halallyk, geçirimlilik, birek-birege ynam we hormat ýaly ajaýyp endikleri, paýhasy bilen tanalypdyr. Bu häsiýetler nesilden-nesle geçip, türkmeniň milliliginde saklanypdyr. Bu ýörelgeleri gorap saklamak, nesillere öwretmek şu günki günde biziň wezipämiz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan nesil terbiýesi biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şunda mugallymlar hem, ene-atalar hem ýaşlara öwüt-nesihat berip, görüm-görelde bilen olarda ýagşy häsiýetleri kemala getirmelidir.

Kakamyrat TÖRÄÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň 66-njy orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar