Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň çuňňur bilimli, arassa ahlakly, berk bedenli, watansöýer, başarjaň şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde bilim ulgamyna häzirkizaman innowasion tehnologiýalary, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, orta mekdeplerde kompýuter tilsimatlaryndan giňden peýdalanmaga giň ýollar açylýar. Bu bolsa ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär.
Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek arakesmäni bilmeýän, maksatlaýyn ýagdaýda üznüksiz dowam edýän işdir. Ol ilki bilen çagalar baglarynda başlanyp, mekdepleriň başlangyç synplarynda dowam etdirilýär. Sebäbi çagalar baglarynda we başlangyç synplarda okuwçylara ýokary synplarda öwrediljek bilimleriň berk binýady tutulýar. Hut şu döwürde çagalary türkmen diline höweslendirmek meselesi ileri tutulmalydyr.