Ady şekillerinde ýaşaýar

23 Aprel 2024
404

19-njy aprelde Mary welaýat kitaphanasynyň sungat bölüminde Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan Wekilbazar etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Nurmuhammet Kadyrow, Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Muhammetjuma Hydyrow dagylar ýurdumyzda we ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden tanalýan halypa nakgaş Aýhan Hajyýyewiň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar nakgaşyň döreden nusgawy şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätäjiniň kanoniki portretleri barada aýratyn durup geçdiler. Ussat nakgaş Aýhan Hajyýewiň durmuş we nusgalyk sungat ýoly baradaky täsirli çykyşlar söhbetdeşlige gatnaşan okuwçylarda uly täsir galdyrdy. 

Maýa ATAÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň sungat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar