Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

23 Aprel 2024
583

22-nji aprelde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji mejlisi, şeýle hem Türkmen-rumyn iş toparynyň ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 4-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmamedow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda birek-birege ynam we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi. Gün tertibine laýyklykda taraplar ozal gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişi we üstaşyr ulag pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, taraplar ulag pudagynda özara kabul ederlikli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar