Abadançylygyň we durmuş taýdan ösüşiň bähbidine

23 Aprel 2024
349

Ministrler Kabinetiniň 12-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy barada habar berildi. Bu hoş habar ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginde giňden goldaw tapýandygynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy.

Dünýäniň iň iri, abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, şol wagtdan bäri hem bu iri gurama bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürip, ähli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmak babatda tagallalar edilýär. BMG ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply ýeke-täk uniwersal halkara gurama bolup durýar.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar