Dost-doganlygyň aýdyň beýany

22 Aprel 2024
535

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilýeti Astrahan oblastyna resmi iş sapary bilen geldiler. Olary Astrahan welaýatyndaky Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow we Astrahan oblastynyň bilim ministri Mariýa Nikoloýewna Şalak hem-de resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Wekilýet hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik mirasymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş neslillere öwretmek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp, dürli çärelere gatnaşarlar.

* * *

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar