Türkmenistan — BMG: durmuş bähbitli hyzmatdaşlyk

22 Aprel 2024
394

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde at-abraýy has belende galýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has işjeň hem-de doly ynanyşmak häsiýetinde alnyp barylýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak, dünýäniň köp ýurtlary bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek işine uly goşant goşýar.

Şu ýylyň 12-nji aprelinde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) mejlisinde Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy baradaky hoş habaryň gelmegi, eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde at-abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar