Pyragynyň adyny dünýä ýaýyp gelen ýyl

21 Aprel 2024
373

Dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanjak 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, bu şygaryň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryndan gözbaş almagy halkymyzyň söze, şygryýete, edebiýata goýýan belent hormatyndan nyşan. Heniz sallançagynda uklap ýatan perzendini söz bilen hüwdüläp, ýagty geljek hakdaky arzuw-dilegleri bilen terbiýeleýän pederlerimiz sözüň, kitabyň güýjüne pugta ynanypdyrlar. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşynda gabat gelýän ownukly-irili meseleleriň çözgüdine ýetmek üçin hemişe akyldar şahyryň şygyrlaryna ýüzlenip gelipdir. «Berkarar döwlet istärin» diýip köňül isleglerini beýan eýlän dana Pyragynyň arzuwlary bu gün berkarar döwletimizde myradyna gowuşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Biz dünýä halklarynyň edebiýatymyz, medeniýetimiz, sungatymyz, milli ýörelgelerimiz bilen içgin tanyşmaklary, döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip belleýär. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň kabul edilen kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara derejesinde-de ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar