Taryhy wakalara, beýik ösüşlere buýsanç

21 Aprel 2024
323

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz taryhy wakalara beslenýär. Ynha, şu ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda ençeme şanly wakalar, dabaralar boldy. Esasan hem, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk bähbitli işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan etdi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, halk bähbidini nazarlaýan belent maksatlar biziň her birimiziň kalbymyzda, ýüregimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Bu günki günde ýurdumyzyň sebitlerinde, dürli künjeklerinde döwrebap ösüşleri, belent üstünlikleri görmek bolýar. Ynha, ýakynda Mary welaýatynda hem taryhy wakalar bolup geçdi, bu taryhy wakalar türkmen halkynyň ýürek buýsanjyny arşa göterdi.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti». Aşgabat — Mary — Aşgabat.
Beýleki habarlar