Logiki meseleler bilen sapaklary gyzyklandyrmak

21 Aprel 2024
629

Matematika sapaklarynyň gyzykly geçmegi we okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin logiki meseleleri çözdürmegiň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki zaman teoretiki fizikany esaslandyryjy, Nobel baýragynyň (1921 ý.) eýesi Albert Eýnşteýniň belleýşi ýaly: «Logika sizi A punktdan B punkta getirer. Göz öňüne getirme (hyýalyň) bolsa sizi islendik ýere elter». Şonuň üçin matematika dersinden ugurly sapaklarda logiki meseleler bilen bir hatarda, okuwçylarda göz öňüne getirmegi talap edýän meseleler hem bolup biler. Logika oýlanyşykly, paýhasly pikir ýöretmegiň we okuwçynyň biliminiň baýlaşmagynyň esasy şertidir. Dürli logiki meseleleriň çözülmegi okuwçylara seredilýän meselede arabaglanyşyk tapmaga, meseläniň esasy we ikinji derejeli ululyklaryny kesgitlemäge, bilimlerini we endiklerini gerekli ýerlerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şu makalamyzda şeýle meseleleriň käbirini öwrenmekligi göz öňünde tutduk.

Birinji mysalymyzda «7=8» deňlik subut edilmeli. Munuň üçin aşakdaky dogry deňlige seredeliň.

Aýmyrat MAMEDOW,
Tejen etrabyndaky ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.
Beýleki habarlar