Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

19 Aprel 2024
210

18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak oňyn özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, beýleki ugurlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar