Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

18 Aprel 2024
228

17-nji aprelde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy. Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri, şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Beýleki habarlar