Durmuş ugurly strategiýamyz halkara derejesinde ykrarnama eýe bolýar

17 Aprel 2024
237

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ýene bir ykrarnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu buýsandyryjy waka mynasybetli, hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna nobatdaky gezek saýlanylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek, ajaýyp obadyr şäherleri, döwrebap senagat toplumyny döretmek bilen, döwletimiziň dünýädäki orny yzygiderli berkidilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar