Medeniýetimiz — altyn hazynamyz

17 Aprel 2024
421

Durmuşymyzda wajyp orun eýeleýän medeniýet we sungat taryhy döwürde kämilligiň belentliklerini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, pederlerimizden miras galyp, asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnälenen ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde barha baýlaşýandygyny görkezýär.

Merjen Amanowa,
Esenguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar