Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

15 Aprel 2024
151

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar.

Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary öz hatlarynda bu möhüm wakanyň ata Watanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň, onuň BMG-niň ileri tutýan maksatlary hem-de wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça meseleler bilen utgaşýandygynyň güwäsi bolup durýandygyny belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkara derejedäki abraýynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

(TDH)
Beýleki habarlar