Telefon arkaly söhbetdeşlikler

12 Aprel 2024
148

10-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady hem-de şanly ýubileýi mynasybetli Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagynyň özi üçin uly mertebedigini ýene-de bir gezek belledi.

«Watan».
Beýleki habarlar